Açlyk syýasaty

Nämüçin gitmedi mätäçlik, açlyk,
has anygy, post-kommunist açlygy,
erksizligi doganyňdan ölýänçäň,
bolşewigiň beren bagty, Moskwa
goýberenem bolsa ýakamyz birden,
nämüçin gitmedi döwlet terrory,
KGB-si, senzurasy partiýaň,
üstesine geldi türküň açlygy,
kömek etjek, dogan, diýip,
Ahmet geldi, Mehmet geldi,
gündogardan, günbatardan,
bar goşy bir torba sygýan,
gujak açyp garşy aldy kommunist,
soň ugratmak üçin yza
altyn berip agramyna,
garyp ili talaşsa,
a biz yzlaryndan ylgamalydyk,
pulumyzy almaga däl yzyna,
aşagyn ýuwmaga başga biriniň,
döwüm çörek üçin diňe,
sebäbi nan bedew münüp çapjakdy,
ýurt boljakdy eňňere...

Nämüçin gitmedi sowet açlygy,
tersine goşuldy türküňki bilen,
agyr boldy iliň haly gün-günden,
otuzynjy ýyllaň şahyrlary deý,
ezijini öwýän köpeldi barha,
sebäbi kommunist bilýärdi gowy,
maly bolsa, haly bolar milletiň,
a bolmasa, halsyz bolar,
hem bilýärdi elhal bolsa il haly,
saklanyp ýa galyp biljek däldi ol,
hala hajy bolsun, hala pygamber,
şondan işsizligi isledi, meger,
şondan gerek boldy Putiniň ýoly,
bir-biregi talamaly, iýmeli,
muňa garaşsyzlyk syýasaty däl,
post-kommunist syýasaty diýmeli.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024