Iki adam

Açyk kitap bol, açmajak,
okamajak okamaz,
bakmaz ýeke setiriňe,
seretmez surata hatda,
kim bol, bolma, geregiň ýok.
A okajak heniz pikrin etmedik,
ýa ýazmadyk kitabyňy
okar seniň gözüňden ýa ýüzüňden,
diýmedik sözüňi eşider, diňlär,
tanar seniň kimdigiňi soraman,
dostuňdan ýa duşmanyňdan,
ýa-da gybat şäriginden, wagtyhoş,
wah, adam bar özi gürläp, geçjek boş.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024