Dilimizi depeleme

Göreş, gardaş, ýalan ýa çyn,
kazy bolmak islegim ýok,
göreşiji bolmak gowy,
ýa görünmek, bolup bilmän,
adam döräp gelýär göze çöp atmak,
hem özüňi aldamak,
akmak saýmak başgalary,
emma ýeke haýyşym bar:
ogry-jümrä ýa azgyna
näme diýseň diý, ýöne
dilimizi depeleme,
basgylama ony beýle,
syla dili goranlary,
berenleri oňa janyn,
hemem bize ýetireni,
bagşy, ozan ýa gürrüňçi,
saňa, maňa yzynda
akyl goýan atalary,
nakyl goýan eneleri,
hem dil bilen, diňe söz däl,
goýan ýurdy, ene ýeri,
gylyç gemrip, geçip jandan,
eger dilin depeleseň milletiň,
parhyň näme azan handan?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024