Hakyky tanyşlyk
Türküň türkülerin diňläp,
doýup turup bilmeýärin,
ahynda hem nalasynda
ýitip gidýän milletiň,
soň özüme gelmek kyn bolýar örän -
diýdi adam, ynandym,
guwandym içimden çyndan,
gyş günüdi, sowujakdy,
ýat illerde üşeýärdim, buýýardym,
mysapyrlyk igledipdi, ezipdi,
emma birden ýylap gitdi ýüregim,
hem bedenim üstesine,
ertesi işikden geçip barýarkam
aýalyna arlaýanyn eşitdim,
diýip bes et, kes sesiň...