Eşitmejek ildeşden edilen haýyş
Sen özgäni aldadyň-da,
ýat-keseki, elbetde,
türkmeniň "t" harpyn bilmeýän birin,
men pylandym, pismydan,
sen özüňi aldadyň-da,
men gowudym, diňe erbet başgalar,
gaýtaladyň, ýadamadyň,
bolrýarmy şu saňa onsoň,
millet niçik hala düşdi,
seniň üçin, meniň üçin,
ýene ýüz müň biz ýaly pak,
turmadyk, durmadyk gelejek üçin,
gaçdyk yzymyzy garaman, belki,
öwünmek üçin däl, ýalňyş üstünde
işlemäge pursat tapylar diýip,
men özümi iýýän, gemirýän, dogan,
göräý senem bir gün özüňi iýip?!.