Gideniň günäsi
Olar dünýä inen güni günäkär,
aglap dogsalar-da hemmeler ýaly,
derrew seslerini kesýärler, çünki
sen kim, ýa kimlere ýakyn, degişli,
üç arkaň kim, ýedi arkaň kim seniň,
hassa hökümetiň soragy soňsuz,
Hytaýdan öň kamerasyz kamera
oturtdy ol her ojakda, her öýde,
biri turar, geler, agdarar öýdüp.
Olar dünýä inen güni günäkär,
hem günäkär ölen güni,
allanyň däl, hökümetiň öňünde,
günäsi üçin däl hakyky eden,
diňe ahyrynda öleni üçin,
sebäbi diýilýän bagty, şatlygy
sorag edýär her giden...