Garaşmak
Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi. Magtymguly
Adam özün kiçi bilse, kiçi bor,
ejiz bilse, ejiz bolup galar ol,
kim-kimleri depesine çykarar,
kim-kimleriň galar eli-aýagna,
çekip-çydar kim-kimleriň taýagny,
hem garaşar biri geler, galdyrar,
gutarar bu kemsitmeden, sütemden,
alla bardyr, hudaý bardyr, beýleki,
ýa Pyragy ýaly özüni aldar:
garaw bardyr ýersiz urlan taýakda,
zalymlar har bolar, galar aýakda...
Adam özün görse güýçsüz gözünden,
igli çaga ýaly, gapyň agzynda
her gelen-gidene garap oturan,
hem hantama, hem kineli, hem bahyl,
igli çaga bolup galar ömürlik,
emma garaşmasyn bes etse bir gün,
özi tursa, ýa ynansa turmaly,
galdyrmaly özüň galan ýeriňden,
diýse hemem etjek bolsa diýenin,
etjegine ynansa,
ynandyrsa özün ilki özüne,
galar ol, dikeler, barar bir ýere,
ýa barýarka, ýolda öler oturman,
özi özi üçin göreşýän uly,
garaşmak - arman!