Heder we lider

Eger-de gorkuzýan bolsa,
üýşendirýän bolsa seni,
ýaýdandyrýan bolsa her gün
işe diýip çykaňda,
alada etdirýän bolsa
gijagşam gaýdaňda öýe,
işiňi bilýän halyňa,
hemem edýän wagtyň arman,
belki, artyk, kem däl kimden,
däldir beýle adam lider,
ýüregiňe salsa heder.

Eger lider iş bilmezi,
emma baş egýäni soňsuz,
elmi, aýak ogşaýany
saýlasa hem çeçse soňsuz,
hemem çekse ýokarlaryk,
gözün ýumup ogurlyga, ýalana,
beýle lider diňe seni, ili däl,
ilki özün salar soňsuz talaňa.

Ilki özün basar, basgylar adam,
başgalary basgylasa, kemsitse,
heder etse hemem hedere itse,
wezipesin, kürsüsini ulanyp,
lider däldir dury suwa bolmaýan,
göhi gelýän suw boldukça bulanyk.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024