Dymmak we gygyrmak
“Erkekler bir-biregi diňlemejek bolup gygyrýar.” Miguel de Unamuno
Dymmak diňe razylyk däl mydam,
ol gaharam bolup bilýär,
bolup bilýär kine uly,
alaçsyzyň, çäresiziň ýigrenji,
böwsüp çykýan başga ýerden kämahal,
a çykmasa bolýan derr ýa-da ünji;
ýa gygyrmak mydam gahar-gazap däl,
ýa-da hökman ynjydylan bolmaýar
gyzýan hemem sesin gataldýan barha,
käte mamla bolman, ýalany bilnip,
diňlemezlik üçin gygyrýar adam
beýleki tarapyň diýýän zadyny,
ýa hökümet, TW, gazet gygyrsa,
arasynda interneti ulanyp,
ynandyryp bilmejegin bilse-de,
has aşak, has aňryk basjak bolýandyr
nägile hem sessizleriň
içindäki tükeniksiz dadyny.