Özi eden
Seni gaçan çukuryňdan,
özüň gazan bolsaň ony,
başda ejeň, kakaň bilen,
soňra doganlaryň bilen,
tanyşlaryň, nätanyşlar,
tiredeşler ýa ildeşler
kömek eden bolsa üýşüp,
bilip ýa-da bilmän näme
edýänini uzagyndan,
adam özi kakan bolsa,
boşap bilmez gazygyndan,
başgany günäläp diňe,
ýa başgadan garaşyp,
hiç kim gelmez, golun bermez,
ýa çykarmaz ýüp sallap,
ýa-da birden gelen bolup,
merduwan ýa başga bir zat
sallasalar ýokardan,
ýa maslahat berseler,
bir-birege arka duruň,
aýagyndan çekmä derek,
hiç kim almaz maslahaty,
özbaşyna çapyp aty;
seni gaçan çukuruňdan,
eger islemeseň çykmak,
ne doganyň, ne garyndaş,
ne-de alla, ýaradan,
ýa-da taňry çykarar,
özi eden öz başyny
çarajak bor ýa-da çarar.