Bir taraply gatnaşyk

"Öz kölegesinde duran adam bu näme üçin garaňky diýip geňirgener." Zen nakyly

Adam sorag berýär hem talap edýär:
jogap beriň, jogap bermek borjuňyz.
Soragy sorag däl, başga zat emma,
aýyplama, töhmet siňe seretseň,
ol jogapdan has öň karar edipdir,
ynanýar öz kararyna, sen erbet,
haýsam bolsa bir ýalňyşlyk edipsiň,
ýöne gowy boljak boýnuňa alsaň,
tassyklasaň ýazyp, öz goluň bilen,
onuň diýşi, pikir edişi ýaly,
erbetdigiň, düzüw däldigiň bolman,
ýa bahana gözläp, aklasaň özüň,
emma özi näme, kim ýa-da kimlik,
nirede ýaşaýar, nireden ýazýar,
hakyky ady ne, näme iş edýär,
belli däl, sebäbi lakamy bar täk,
internet asyry, öňe barýarys,
emma gatnaşyklar şeýleräk entek.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024