Kitaphana howpy
"The library is dangerous - Don’t go in." Alberto Ríos
Kitaphana barma, girme agzyndan,
çagaňy-da goýberme,
almasyn eline kitap,
okamasyn waraklap,
ýitip gidip sahypalaň içinde,
bilmän näçe wagt geçenni.
Kitaphana barma, girme, görünme,
golaýlama kitaplaryň ýanyna,
sebäbi ol gorkunç ýer, hatarly,
wehimi kän beýniňe hem janyňa.
Kitaphana barma, girme hiç haçan,
kitap dükanyna sowulma, açma
gapysyny tötänden,
ýa-da barsaň, kitap gatyny açma,
okama bir setirin hem,
birden bilmän imrinersiň, alarsyň,
sowalgaňy eder kem.
Oňa derek git bazara, dükana
eşik satýan, kaşyk satýan, ýene ne?
Ýa-da sowul çişlikhana, meýhana,
ýokaryk däl, goşul aşak eňene.
Ynanma Pyragy her näme diýsin,
kitap okan gullar magnydan dokdur,
az bildikçe adam rahat ýatar,
okana, bilene ynjalma ýokdur.
Kitaphana barma, girme, görünme,
ýa kitap berseler sowgat
doglan günüň gutlap, belki,
toýuň sowup-sowman derrew,
şol kitaby ýok et ilki.
Soňra baryp alma zyňan ýeriňden,
sebäbi ol hatarly,
jogaby bar onda müň bir soragyň,
eger girseň kitaphana ýalňyşyp,
hemem açsaň kitap gatyn,
soň ol ýerden öňkiň ýaly çykmarsyň,
üstünde bolmagyň pikrin edersiň,
toýnagynyň astynda däl,
eşegiň ýa bedew atyň.