Öz deňiň

Hiç kim seni kemsitmez,
ýa kiçeldip bilmez özüň
goldamasaň iki elläp, üç elläp,
agyrmasa, hem ýer bolsa ýeterlik,
üstesine lezzet alsaň, ýarasa,
başyňy eg, çykar her kesi kellä,
çür depäňe, göz üstüne, gaşyňa,
goý, otursyn özi ýadap düşmese,
laýyk görseň sakgalyňa, ýaşyňa,
a soňundan ýylgyr süýji, hileli,
guwanan bol ata-baba ýurduňa,
ony gorap, baş goýana, ölene,
telpegiňe, namys saýylan öňler,
atyňa, itiňe, halyňa ýene,
her kim özün düşürer öz deňine.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024