Bolýan bolsa

Eger bolýan bolsa, 29 däl,
ýene bir 30 ýyl ýaşaň,
ýa-da iki 30 ýyl,
şunuň ýaly el çarpyp,
şunuň ýaly şatlanyp,
şunuň ýaly bagtyýar,
şunuň ýaly berkarar,
şunuň ýaly altyn, göwher asyrda,
şunuň ýaly serdar bilen, han bilen,
şahyr bilen şeýle, walla,
aýdymçy, sazanda bilen,
şunuň ýaly kazy bilen,
prokuror bilen ýene,
şunuň ýaly TW bilen iň beti,
okaň şol bir žurnallary, gazeti,
abuna ýazylyp alyň,
pagta ýygyň arasynda,
bu dünýede zorluk ýok,
sütemem ýok hiç hili,
ozal özüň zorlamasaň,
ýa-da sütem bolmasaň
öz-özüňe tükeniksiz,
ýa sütemi gujak açyp almasaň,
ýa-da ylgap, gujagyna dolmasaň;
eger bolýan bolsa, 29 däl,
ýene bir 30 ýyl ýaşaň,
ýa-da iki 30 ýyl,
öz-özüňe ygtyýarsyz,
öz-özüňe dahylsyz,
öz-özüňi sylaman hiç,
öz sözüňi sylaman hiç,
öz ýüregiň üstesine,
öz beýniňi, bolsa eger,
eger bolýan bolsa beýle,
ýaşap bolýan bolsa ýaşaň,
dowam ediň ýene şeýle!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024