Mantyk meselesi
Saňa hiç kim ynanmasa,
ýa ynanyp çekinse
ynamyna eýermäge,
hem gelmese kimse ýanyňa, walla,
ýa uzakdan oýun etjek bolsalar,
ýat illerde ýeke, ýalňyz galaňda,
çagalaryň bilen gözüň garaldyp,
uzak gije ýatyp bilmän,
üstesine gep hem gybat,
hatda töhmet atsalar,
ýüp tapylsa, özüň, alla,
asaýmaly etseler,
sen kime ynanjak
hemem näme üçin?
Elbetde, ýeňiş däl,
ýeňiliş bolýar,
il özünden geçdi diýip,
sen özüňden gitseň göçüp.
Ýöne nämä gerek millet
özün sylamasa ýanmak?
Bu ne gahar, ne-de öýke,
diňe mantyga dolanmak!..