Ýadawlyk
Dynç günüdi. Dynç alýarmyň?
Ýazdy türkmen, garyndaş,
WhatsAppdan, görsene!
Sebäbi sergezdan, ýurtdan daşarda,
hammal bolup ýat illerde,
bulamak çalýardy döwük kersene.
Ir ertirden bäri işläp otyrdym.
Turasym gelýärdi, agyrýardy bil.
Men diňe ölemde dynjym alaryn,
görüp durkam nä günlere düşdi il,
uly söze toba, diýmek isledim.
Emma ölüm sözün dile alasym,
ulanasym gelmedi hiç,
diňe işleýärin diýdim,
dilim dişläp bolmanka giç.
Bagyrasym geldi özümi aklap,
menden başgaň bary gara niýetli,
göreňokmy nobatdaky ogrular
bir-biriniň başyn gemirýär bitli,
ýa-da başga zatly diýmän...
Emma bu töhmetden saklandym, alla,
diýip näme bolýar, walla?