Adam we guýruk problemasy
Adam aýagyny basanda egri,
ilki bilen özi bilýär,
soňra bilýär başgalar,
bilinmeýän ýaly bolsa-da başda,
soň ol bilinýänin bilýär, belki-de,
emma eýýäm yza dönmek giç bolýar,
onsoň yzyn bozjak bolup tilki deý,
ol guýrugyn sübse edip ulanýar.
Adam aýagyny egri basanda,
walla, diňe özüni däl,
guýruk bolup ýaşaýan
guýruk bolup işleýän,
biri ölse, on guýrugy dogurýan,
milleti kyn güne salýar.