Şa we şaman

Ol gahryman, edenli, kän
goldawy bar il içinde,
daşy demir galaly,
tankly, toply, gämili hem uçarly,
goragynda durýar ýüz müňlük goşun,
ýaraglanan dişine çen,
niýeti dikeltmek şeriň şalygyn,
öz-özünden ýykylan,
bütin dünýä dil uzadýar,
el uzadýar başarsa,
emma gorkdy bir şamandan,
köne-küşül eşikli,
paý-pyýada ýola çykyp,
ýadan wagty çadyr dikip,
dynjyn alyp gelýän göni,
kowjak diýip köşkden seni,
ýüzlerine perde çekip,
iberdi kyrk jelladyny,
ýaraglylar ýaragsyzy tutdular,
golun baglap äkitdiler, ýitdiler,
ýeri, näme boldy, eý, edenli är,
diýdi tussag şaman sessiz, içinden:
indi seniň ýüzüň gowy görünýär!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024