Doganlyk gorkusy
Wagtal-wagtal bir akylly tapylar,
watançy tapylar, beýik,
uzak garaşylan, ýoluna garap,
hemem bir akylly çagyryş eder,
ýagny millet aç diýer,
ýa gaharly diýer örän,
gazaply, lapykeç diýer
bilinmeýän ýaly ozal,
çörek gerek diýer örän gyssagly,
sebäbi mugt, mugta ýakyn bugdaýy,
gazy, togy gutarypdyr, bitipdir,
ilki özi ýele sowrup, elbetde,
gapdalyndan keseki, ýat,
ýene bir akylly diýer, bagyrar:
çörek gerek, dat-bidat!
Elbetde, ol çörek bolmasa ertir,
gelmese birigün, soňkusy gün ýa,
gaty mümkin gelmezligi entejik,
sen günäkär bolarsyň,
kän öňünden gara bagryň gan edip,
bagyran-da bolsaň, aýdan-da bolsaň,
ahyr başa bela bolan ýurduňdan,
eneň-ataň ganhor KGB-ä taşlap,
allanyň çagyryp, gaýdan-da bolsaň...
Paty-putusyny saýlap, guwanyp,
açmyş indi başa çykaran millet,
depesinde oturdan kän gaýşardyp,
ogry, jümri, nirde bozulan bolsa,
senden gowy gören, senden kän sylan,
watandaşa çörek gerekmiş indi,
iýer ýaly tapsa sogan,
näsin aýdýaň edip bolsa,
emmaki içimden gygyrýar biri:
ýene bir azgyny depä çykaryp,
hakyky günäkär bolmakdan, walla,
gorkýaryn, dogan!