Biziň aramyz
Doganym bol, dostum ýa pikirdeşim,
ýa tiredeş, tanyş ýa-da milletdeş,
bir dilde gürleýän, ýazýan,
eger okamasaň meniň goşgymy,
ýa kyssamy, parhy näme,
men seň üçin ýazmaýaryn,
dökmeýärin saňa içim,
ýüzlenemok saňa daşdan,
türmeden ýa sürgünden,
her neneňsi ejir çeksem, kösensem,
ýa-da bagtly ýaşasam,
başymy egmänim üçin,
ýeňilen-de bolsam ilki söweşde,
öz-özüne garşy duranlar bilen,
öz iline garşy duranlar bilen,
ýa-da bilip, ýa düşünmän,
öz ilin meýletin gyranlar bilen,
ýa mejbury, kim bilipdir
başga birniň ýagdaýyn,
emma men öz ýagdaýymy aýdaýyn,
eger sen okasaň türkmençilikden,
däpden çykyp ata-baba,
men saňa köp zady aýdyp bilerin,
nirde bolsam, saňa gaýdyp bilerin,
gelerin, ýanyňda duraryn günde,
öýüňde bol ýa türmede, sürgünde,
emma menden başga bir zat isleseň,
bar zadymdan başga, meger,
men seň üçin göreşmerin, gelmerin,
ýa-da menden peýda bolmaz saňa hiç,
hem özümi hasaplaman günäkär,
eger ýanyň ýere degse iru-giç.