Mertebe nobaty

Moskwada 100 çemesi aktýor türmä basylan kärdeşleriniň azatlyga çykarylmagyny talap edip, ýeke-ýekeden bir minut protest bildirmek üçin uzyn nobata durdy. Habarlardan

Bu ýurt ozal bendileri aç ölen,
hem olara aňzak gyşda
ölmez-ödi geçiren
naçarlaryň nobatlary,
syndyrylan erki bilen bellidi,
barha artyp barýar gazet nobaty
diýip näçe guwansa-da Ezizow,
emma bu gün başga nobat,
piket nobatyny gördüm,
Nobatystan paýtagtynda,
adam mertebesi üçin, alla,
erkinligi üçin ýene,
hem adalat üçin biraz,
nobat gördüm, eý, hudaý,
ýa-da bu düýşümmi, sahnamy ýalan,
düýşünde nämeler iýmeýär gedaý?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024