Agyr kesel
Men-menlikden heläk bolýan adama,
ýa-da ile, millet bolup bilmedik,
ýa bolup bilmedik idili tire,
bir-birine ýagy bolan tersine,
eli gelse, biri-birin talaýan,
ýa ýamanlyk edýän keýpine, walla,
ýa saklajak bolýan özünden pesde,
ýa başga bir höwesde,
biri-birin tapsa çukura itýän,
türmä basýan, hem çykarman çüýredýän,
dogan ýa dost, parhy ýok,
işiň düşse, arslan bolup arlaýan,
şiri bolýan tokaýlaryň, belki-de,
ýa daşyndan, ýa içinden, eý, aman,
bir almany bölen ýaly birmeňzeş,
günäleýän başgalary bigüman,
özüni däl hiç haçan,
kömek etjek bolmak nire ahyry,
diýersiň eý, alla, gutular gaçan.