Saňa diýerler
Saňa gaharly diýerler,
ýa diýerler örän gedem,
saňa ahally diýerler,
ýa diýerler ýurtdan giden,
ünsi sowmak üçin seniň
göreşiňden, elbetde,
emma bilýändirler anyk
neden galdyranyň başyň,
hiç alada dälkä aşyň,
hemem näme isleýäniň,
ýagny isleýäniň erkiň,
erkin isleýäniň iliň,
berkin isleýäniň iliň,
bolsa bolsun nireli,
pakyr, ejiz bolanyn däl,
mätäçlikde ölenin däl,
gidenin däl çörek gözläp,
ýitenin däl ýat illerde,
çagalaryn goýup yzda,
KGB-den gorkup gelmän,
saňa gaharly diýerler,
saňa ahally diýerler,
ýa diýerler ýene bir zat,
emma bilýändirler neden gideniň,
ýa näme üçin göreşýäniň,
ýurduňda el çarpyp ölmän.