Alla oýny

Alla, hudaý köp adama
özün aldamaga gerek,
aldamaga gerek ili,
aldanasy gelýän bolsa,
hemem pikir etmez ýaly,
hiç ulanman allaň beren kellesin,
üşügini, aňyny-da,
hemem alla biznesmeniň biznesi,
nirä gitse gitsin, gelsin yzyna,
hakyky hudaýy pul bolan mydam,
adam ýadamady allany oýnap,
seretme hiç çökenine dyzyna,
ýadamady özün oýnap has beter,
meger, käte alaçsyzyň pişesi,
bu oýun ýene-de köp ýyla ýeter.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024