Allanyň ejiz wagty

Döwletiň öňünde ýatsaň,
ýa-da döwlet adamsynyň,
azan, garaw görmedik hiç,
ýüzin ýa-da arkan, sessiz,
ol arkaňdan basyp geçse,
ilki eýläk, soňra beýläk,
depse eliň, aýagyňa,
kaksa käte kelläňe-de,
soň otursa aýagyňda, eliňde,
soň arkaňda, ýa garnyňda gyşarsa,
kelläňe-de çyksa gelip,
agzyňdaky palawyň däl, çöregiň
alyp iýse soraman,
soň üstüňe meýdan etse,
özüň galyp bilmeseň,
nirde diýip din hem iman,
hudaýdan kömek sorama,
çünki bermez, bigüman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024