Türme hakykaty
Adam eger başdan bendi bolmasa,
biraz soň tussagy bolar
öz guruşan türmesiniň,
ýa ýanyndan geçen görmän,
gurýan wagty başgalar,
ertir-agşam irmän, arman,
adam öz türmesin guruşar hökman,
siňe bakyp, çiňerilip öňüne,
ýa-da hiç seretmän, bakman,
pikir etme adam pikir etmeýär,
ýa bilmeýär diýip başga,
tanyş ýa-da nätanyşlar
ýeke-ýeke gidip durka,
nobat bellän ýaly öňden,
ýa gurbanlyk goýun ýaly,
bakylýan hem ýykylýan,
wagty gelse, mälemän hiç,
adam eger başdan bendi bolmasa,
a türme gurulýan bolsa,
ulaldylýan bolsa günde,
girmeli bor ir ýa-da giç.