Balyk diňe başdan porsaýarmy?

Meň ilimde akylly kän şeýle bir,
Bir-birinden dyzmaç akyl bermäge.
Ýöne diňlemeseň gyzýarlar gaty,
Depäňden daş inýär, bolmasaň ägä...

Biri diýýär: “Bu durmuşdyr, aglama!”
Beýlekisi diýýär: “Talanýar watan!”
Ýene biri diýýär: “Gülýärsiň nämä,
Ýa ýakynyň barmy nebit-gaz satan?”

Birisi araga çagyrýar dynman,
Ýene biri hödür etjek tirýejik.
Içmeseň, çekmeseň edýärler güman,
Sögünýärler ýolda deňiňden geçip.

Başga biri, arak goýup sakgala,
Murta timar beren, dili dogaly,
Ýatladýar nirede öňüňden çyksa,
O dünýäni, hakdan geljek zowaly.

Meň ilimde akylly kän şeýle bir,
Bir-birinden öňe giden daşyndan.
Harp bilmeýän akyl berýär hatdada,
Balyk diňe porsamaýar başyndan!

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019