Wagt gytçylygy
Magtymgyly bolanda nä milletde,
kimse sogan dogramasa sözüne,
ýa ýene kim gelende nä, milletde
göz bolmasa seretmäge ýüzüne?
Islegi bolmasa iliň, ulusyň
öwrenmäge özgäni däl, özüni,
hem ymtylyş ölen bolsa
geçmişi we gelejegi bilmäge,
ýa wagty bolmasa iliň, ulusyň,
çäreden soň ýaşamaga, ölmäge?..