Ulaljak bolup...

Balakdyr-da, besdir syrtyňy ýapsa,
Köýnekdir-dä, besdir örtse teniňi.
Tünekdir-dä, buksa ýagyşdan-ýelden,
Çörekdir-dä, iýip saklansaň ölmän.

Ýok, beýle däl, gerek gowudan-gowsy,
Oňa seniňkiden uly jaý gerek.
Saňa onuňkydan owadan maşyn,
Hemem üsti egsilmeýän paý gerek.

Adam gidip otyr, nebsi öňünde,
Durma ýa säginme, oýlanma ýok hiç.
Äginen tozana garylýar günde,
Soň onuň dyzany bolýar örän giç...

Diýýärler: “Ýok alyp giden o dünýä!”
Hany, diňlän barmy bu ajap sözi?
Adam uly boljak bolýar mal ýygnap,
Hemem baýadykça ownaýar özi.

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024