Milli türme
Her kimiň öz türmesi bar dünýede,
her kim ony öz boýuna galdyrýar,
gurýar bolar ýaly özüne laýyk,
özüçe ýa goňşulara seredip,
olaryň zyndany nähili bolsa,
adam oňa türmedirem öýtmeýär,
öwrenişip uzak galsa.
Olaryň türmesi – ýazgyt we alla,
özüň ýetiş, gowusyny özüň et,
meni goşma öz işiňe,
öz işime, has dogrusy,
özüň düzet näme ýalňyşlyk bolsa,
adam bu türmeden boşap bilmeýär,
bendiligin boýun alsa.