Saparyň sapagy

Sapar maňa açlyk näme, öwretdi.
Öwretdi ol sütem näme,
ýa-da näme syýasatyň özeni,
dört diwaryň içinde.
Talaň näme, öwretdi ol, KGB-ä
sabynymy ogurladyp,
gawunymy ogurladyp,
ogurladyp ömrümi-de.
Sapar maňa göreş näme, öwretdi,
öwrenmedik bolsam,
gelmezdim gidip.

Men gitdim, ýurt aşyp, yzyma bakman,
emma hiç yzyma bakman bilmedim.
Men işledim, aç ýatmadym bir gije,
emma bir gün hiç gaýgysyz gülmedim.

Sebäbi bilýärdim aç ýatmak näme,
hem açlygyň ýarag boljagyn agyr.
Bilýärdim, ýurt çapan gahryman bolar,
a çapylan bolar ýagyr.

Sapar maňa dokluk näme, öwretdi,
ozal ajyň götermejek ýüküni.
Geň görme hiç güjük diýip güjüge,
ol ertesi çykaranda ç...ni.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024