Ýaşamagy saýla
Seni ýaşatmajak bolarlar, ýaşa!
Aýyp bolar, başga ýeri goýaly,
ýeňsäň gaşatmajak bolarlar, gaşa!
Öwreder öňýeten nähili ýatyp,
ýa nähili turmalysyn, geňleme,
ýa kim bilen ýatmalysyn,
aşakda ýa ýokarda,
her samsygy diňleme!
Özüni oňarsyn, besdir kommunist,
ýa yslamçy, agşam arajyk içýän,
ýa-da adam hukuklaryn goraýan,
adam tapsa, aýagasty edinjek,
ýa-da syýasatçy, ýene-de näme,
dilinde bir, ýüreginde başgasy,
talajak kän, aldajak kän başarsa,
eşek edip münjek, at edip çapjak,
ýa pil ýaly zynjyrlajak,
duşaklajak düýe ýaly, aýagyň,
bar mesele seniň ýaşamagyňda,
saýla birin iki ujundan taýagyň!