Il ogly
Akmyrat Şiriň (1947-1991) ýadygärligine
[photo]src="img/incontent/akmyrat_shir.png" alt="Akmyrat Şir" class="center"[/photo]
Ol Piterden niýet edip gelipdi,
Oýatjakdy ýatan ili gaflatdan.
Emma iliň göwni-gözi ölüpdi,
Küpesine berip, düşürlip atdan.
Ol ýüregin ele alyp ylgapdy,
“Pursat geldi ahyr, galkynyň!” diýip.
Emma il erkine elin salgapdy,
Ýatjakdy degmeseň berlenin iýip.
Ol ilini göterjekdi egninden,
Girjekdi goltugna bilmese ýöräp.
Emma kim aýlanyp geçýärdi ondan,
Kim bolsa sögýärdi sakgalna örän.
Oýun, karam oýun, bolşy deý mydam,
Il ogluny ýeke galdyrýar ýolda.
(Şir ogly Akmyrat, gül göwün adam,
Başarmadyk seni gorap hem goldap!)
Dost dilli duşmanlar aldylar daşyn,
Dost ýürekli ogullary garalap.
Arakhor, bimessep aýlady başyn,
Hem uzak gidermän etdiler heläk.
Ol Piterden niýet edip gelipdi,
Ýitiren ilini aljakdy gaýdyp.
Emma iliň gyzyl ýüzi solupdy,
Muny ynandyryp bolmazdy aýdyp...
Aşgabat, 1997.