Köplük bolup azaşan
Öz ýolundan köplük bolup azaşan,
azaşanlar tire-taýpa, il bolup,
ýa-da ýoldan çykyp galan, gör, haçan,
hem ýol diýip saýlan petigi diňe,
iki-ýeke azlyk nämeler diýsin,
ýa nähili delil, fakt getirsin,
diňlemez ony,
diňlemekden geçen, gepletmez hatda,
urar üýşüp tutsa agzyna hapa,
azaşan milletiň çokaýy bilen,
öz ýolundan köplük bolup azaşan,
sen näme diý, diýer ýalan.