Tutulmadyk aýyň derisi

Tutulmadyk aýyň derisi ýene
görülmedik gowga saldy milleti.
Sowet gämisi dek taşlanan birçak,
poslap ýatan kenarynda Hazaryň,
onda-munda ýatan çarwa, balykçy,
ozal käsi ata çykyp şemallan,
awy oňan iki-ýeke,
ýa-da diňe kilka ýeten,
döwük çeňňek bilen galan otuz ýyl,
aç gultunyp, ak umytda ýylgyrdy,
aýy derisinden hantama bolup,
halkyň huşy kelte bolýar diýleni,
ýadyna düşmedi kimsäň,
kime ýetdi öňki aýyň derisi,
a kim boldy oňa eňsi?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024