Adamyň däbi

Sen adamyň mertebesin gorarsyň,
adyny gorarsyň, gorarsyň zadyn,
gazanan hem gazanmadyk,
diňe doglup bir şäherde, obada,
gorajak bolarsyň yrsgyny iliň,
talatmajak borsuň ýakyna, ýada,
döwlet maşynynyň öňünde durup,
galyp nirde ýaman ada,
diňe özüň howp astyna salyp däl,
çagalaryň, ene-ataň
agyr günde goýup, goýup alada.

Sen adamyň mertebesin gorarsyň,
gorarsyň başarsaň adyn, namysyn,
sen adamyň ejesini gorarsyň,
sen adamyň bajysyny gorarsyň,
çagasyny, aýalyny gorarsyň,
özüň ýeke gorap bolmaz sebäbi,
gurduň arkasyndan guş doýar mydam,
ýöne guş bir başga, gurt başga munda,
hemem başga düýpden adamyň däbi.

Sen adamyň mertebesin gorarsyň,
a ol saňa şyltak atar başarsa,
her hilije gürrüň eder yzyňdan,
iň bolman agyrdar eneň-ataňy,
ýakynlaryň entetjek bor çapalap,
muňa hatda geň galmagam gerek däl,
özüni hem öýün gorap bilmeýän,
dagy nätsin öz kemini doldurman,
seni ýa-da başga birin hapalap?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019