Içdäki haýwan

Eger hak iş üçin turmaly bolsa,
olar çagasyna diýýärler barma,
görünme, gazanyň garasy ýokar,
soň gazany ýalap-ýalap sozýarlar,
bozup bolýan kanun bolsa bozýarlar,
ozup bolýan adam bolsa ozýarlar,
tozana garýarlar parasyz, pulsuz,
aýagasty bolup galan danany,
tapsa kaýyl gaty nany,
dana danalygyn bes edýär, ölýär,
adamlar agzybir duşagyn çöşüp,
boşadanda içindäki haýwany.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024