Mekdep meselesi

Öwretmese okamagy,
ýa ýazmagy düzüwli,
oýlanmagy öwretmese,
öwretmese aňlamagy
ýagşy näme, ýaman näme,
ýa ýol näme, petik näme,
geçit näme, geçirýän,
uçut näme, uçurýan,
o nähili mekdep bolýar,
o neneňsi okuw jaýy,
ýetişdirýän gul hem gyrnak,
bolmajagy gaçyrýan?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019