Kelle we ýürek problemasy
Urulýarka žurnalistiň ýüzüne,
depilýärkä arkasyndan,
gysylýarka dört diwara
hakykaty ýazjak bolan,
basylýarka töhmet bilen,
asylýarka dardan, belki,
gurulmadyk döwletde,
bilmeýärdi olar sözüň
azatlygy näme hemem
näme bilen iýilýär ol,
ýa-da nirä geýilýär ol?
Hemme kişä gerek, meger,
adam ýaly ýaşamak,
adam ýaly ölmek wagty gelende,
ýöne adam pikir edip bilmeli,
işletmeli kellesini bir gezek,
her diktator ölende däl,
her žurnalist ölende...