Aýdymda ýürek bolmaly

Aýdymda ýürek bolmaly,
Göwün bolmaly edil
Adamda bolşy ýaly;
Adam deň däl, borram-boşy ýeterlik,
Ýöne aýdym bolmaly däl borram-boş,
Boşlar üçin niýetlenen, aýdylan...
Aýdymda bolmaly adamyň derdi,
Agysy, gülküsi, pikir-ynanjy.
Adam aýdym aýdyp, ýa aýdym diňläp,
Bir gez beýgelmeli, bir gez ölmeli,
Soň ýene-de dirilmeli, ýolyny,
Ýodasyny yzlap, gitmek üçin kän;
Aýdymda ýürek bolmaly,
Ony tirýek puly, heroin üçin
Aýtmaly däl, satmaly däl aň girmez,
Akyl girmez toparçaga, mahluga,
Aýdymda ahlak bolmaly, gözellik,
Görk bolmaly, pikir-duýga eýlenen,
Adam aýdym bilen galmaly göge,
Aýdym diýip, çümmeli däl boşluga.

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024