Açgözüň ykbaly

Adam il-gününi, halkyn
talady çem gelen gelmişek bilen,
dünýäni iýse doýmajak,
gelmişekden beter bolup,
tapdy gözläp il içinden açgözi,
özi ýaly, ýa beter has,
goldadylar ony öwüp, apalap,
öwmedigiň işi kyn boldy, walla,
ýok etdiler töhmet atyp, hapalap.

Adam il-gününi, halkyn
depeledi soňuna çen,
emma birden bir döw çaldy, düşündi,
tonna-tonna altyn galjak yzynda,
özi galjak däl kimsäň,
indi ömür ynanmadyk ilinden,
ynanmadyk allasyndan hiç haçan
delalat isleýär dileg etdirip,
ýürekde bir, dilde başga mähellä,
ömür hakykatdan gaçan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024