Öňki we soňky ýagdaý

Olar ilki ylgap baryp,
tanyş görüp eltilmese,
para berip arasynda,
ogurlyga baş goşdy,
ogrulykda, egrilikde
başlyk bilen arkalaşdy,
sak durdy oň goragynda,
başga pikir aýdany,
ýa goşulman ogurlyga,
ýol başyndan gaýdany
garalamak üçin, gorkuzmak üçin,
kanuny ulanyp bikanun işde,
gaýtmadylar hiç töhmetden, sütemden,
ýok etdiler geplejegi birleşip,
ýapyk gapyň arkasynda gürleşip.

Olar ilki agzybirdi,
diýmek, taňry eçilýärdi olara,
emma ýuwaş-ýuwaş agzybirlikden
urşa ýazdy gatnaşyk,
sebäbi ogurlyk uludy örän,
ogurlanýan goýun-geçi ýa at däl,
belki-de döwletdi, milleti bilen,
gelejegi bilen iliň,
olar ony deň paýlaşyp,
ylalaşyp bilmediler,
seniňki kän, meniňki az,
möwjäp galdy dawa-jenjel,
başarany biri-birin ýok etdi,
başga ogra açyp ýoly,
indi käsi, bagty gelip gutulan,
bagyrýar, gygyrýar ogurlyk, pylan,
emma kimse eşitmeýär, sebäbi
ýuwdarha öwrüldi kiçijik ýylan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024