Surat

Kitaby öldüren döwlet

Kitaby öldüren döwletden, ilden,
depesine berip senzura bilen,
ýa okamak islemän,
ýa-da düşünmedik bolup,
Garagumda guýusyny
gömen çopan mysaly,
üstesine akyl berýän,
ähli kişä, belki, ähli ugurdan,
kitaplaryň al-da gaç,
ýazan ýa ýazmadyk entek,
hem igenme teşnelikden ölýäne,
ýurda bolsa, halka bolsa,
sen razy bol-da gaç.

Ýöne birden geň galma,
yzda galan dowarsyz, aç,
ýa atyndan düşürilen,
öňki öňder, soňra gallaç,
ýa okuwsyz, bilimsiz,
tanyş ýa-da nätanyş,
daşdan dilin uzatsa,
hem öwretse adam bolmagyň ýolun,
gol bermegi ejizläne, entäne,
mysal üçin, çaga basan ýaşlykdan,
agzy hapa üstesine, keselli,
hemem diýse, walla, kesel köpeldi,
soň yzyndan kömek, ýardam sorasa,
başarsaň gol uzat, emma
aralygy sakla hökman,
sebäbi deňizde goluna düşseň,
gark bolýany gutarmak däl,
demiň almak kyn bolar;
kitaby öldüren döwlet,
pikir etme, kasty sende,
öz başyna dawa salar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024