Sen özüni ýok edýäne gynanma
Sen özüni ýok edýäne öwünip,
aragyň başynda, tirýek başynda,
ýa başynda döwlet ogurlygynyň,
baş aýlaýan, elbetde,
ile gürrüň, gülki bolup meýletin,
ýoluny gömýäne ogul-gyzynyň,
bir adamam bolsa,
bolsa-da millet,
ýa millete meňzeş bir zat,
ýa-da bir toparçak, oligarh, pylan,
ýa garyplar, öz-özüne bigäne,
ýa-da döwlet atlandyrýan özüni,
hakykatda bidöwlet,
kömek edip bilmersiň,
düşünmez ol seniň aýdan zadyňa,
ýa islemez düşünmek hiç,
iniň bolsun, agaň bolsun, synanma,
pelle-pelle aşak düşende adam,
özi etse, özi gitse, gynanma.