Milli innowasiýa

Utanjyň möwriti geçdi,
geçdi wyždan zamanasy,
ahlak-mahlak gutardy,
mahluklaşdy adamlar,
deňlik, adalatyň ornuny aldy
aldamaly, talamaly, ezmeli,
gorkuzmaly başaranyň,
gorkanyňa baş egmeli, bermeli,
paýlaşmaly ogurlanyň, talanyň,
utanç ýa-da haýa bolarmy, oglan,
kanun, kada guly bolsa ýalanyň?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019