Yglan edilmedik uruş
Hökümet ýa döwlet ili
açyk eli ýaragly,
uruş yglan edip däl-de,
"söýgi" yglan edip ýykýar,
"sylag" yglan edip dykýar
nirede bir kirşene,
"eziz" diýip susdurýar ol,
ýuwaş-ýuwaş busdurýar ol,
"mähriban-da" diýýär döwlet,
"gahryman-da" diýýär döwlet,
emma millet gahryman däl,
orak orýan, pagta ýygýan,
dag göwsünden magdan alýan,
döwletbaşy, köp ogurlan,
hem ömürlik oturmaly,
soňra ogly, gyzy perman
çykarmaly kim nähili,
ýa-da näçe ýaşamaly,
hemem siňe seretseň,
bu beýle bir ýapyk hem däl,
görjek üçin açyk söweş,
kim-kimleriň bal aýy,
kim-kimleriň ok, ýaýy...