Ikilik

Gurbannazar ýaşdy örän,
üstesine atyljakdy,
Annasoltan bogulýardy zyndanda,
"Gyrnak" bilen girip gözünden halkyň,
gözüni ýumsa-da mäkäm,
elin tutup üstünden,
hemem şahyr gerek ile,
Magtymguly ýaly, Kemine ýaly,
ýa-da bagşy, ozan, çünki
ertekisiz, hekaýasyz bolmaýar,
dogulmaýar Görogly ýa Isalar,
pygamberler, sylar ýaly,
sözüne siňen hyýaly,
geçer ýaly gelýän nesle,
ölmez ýaly çöküp, pesläp.

Gurbannazar ýaşdy, ýöne
ýigrenýärdi ýaşamagy assyryn,
ikiýüzlüleri, tanadýan hökman,
hem gorkýardy gorkaklardan,
sebäbi düşünýardi,
hiç söz diýmän ýüzüne,
bir gün pyçak urjaklaryn
arkasynyň gözüne.

Ýok, ol öňde-soňda ýürekden dömüp,
ýazylmadyk goşgusyndan ölmedi,
öldürildi atylyp,
sowet goşunynyň goşgudaky däl,
durmuşdaky oky, ýaragy bilen,
dogry, ölmek täzelik däl, bilýärdi,
öleniň ýerine boljakdy gelen,
emma bilmeýärdi yzdan gelýänler
uçdantutma gorkak bolar,
ikiýüzli bolar kileň,
täze belentlige çykarar ýüzsüz,
ýa ýeňsesiz ýaşamagy,
şahyr bolup il gözüne...

Millet, meger, öldürilmän kän ölýär,
ikilik edip özüne.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024