Diýdiler

Işsiz, mätäç kän diýdiler,
diýdiler ýagdaýlar agyr,
sebäp sabyr barha beter azalýar,
işleýäniň aýlygy az,
çagalara çörek puly ýetmeýär,
a hökümet, döwlet diýilýän ärler,
iň ýokardan iň aşaga,
adamlary garyp-gasar saklamak,
ejiz hala salmak üçin göreşýär,
baglaýar ýoluny gitjek-geljegiň,
gazanjagyň öz çöregin ýük çekip,
ýa birine hyzmat edip tölejek
iň bolmanda ölmez-ödi hakyny,
ýaraglanan dişine çen
serhetçiler durýar mäkäm serhetde,
çykarjak däl, getirjek däl hiç kimi,
hökümete baş egmese,
diýdiler, ýene-de kän zat diýdiler,
emma çykmadylar öýden daşaryk,
aýagasty bolup mese.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024