Arhitektor
Arhitektor, at gazanan,
gurýar, urýar, ýylgyrýar,
çünki iliň eli, aňy
gandal urlan, daňylan,
diýmek, plan başa barýar,
her kim muny başarmaýar,
arkasynda Kreml bar,
KGB-si daýaw durýar,
ýaraglary täze örän,
gorkýar ondan ýerden ýörän,
polisileri hatar, hatar,
goşuny bar, görse atar,
ýaragsyzy, elbetde,
ýaraglydan busar, ýatar
haraý gözlär milletden.
Arhitektor, gurýar, urýar,
başarýar ol bu işi,
şonuň üçin ýylgyrýar,
emmaki ol ýylgyryşyň
arkasynda alada bar,
ýa-da ünji, näme bolar,
ogul-gyza, agtyklara
diýen sowal bukulýar,
çünki bilýär beýge çykan
bir gün gaty ýykylýar.
Arhitektor, at gazanan,
gurýar, urýar, ýylgyrýar,
ýöne köpi aldasa-da,
özün aldap bilmeýär,
her zat bolup oýnasyn,
sebäp içde alada bar.