Ýeriňden tur diýme

Ýeriňden tur diýme oturan bendä,
siňegini gorap bilmän,
üstünden öňýeten basyp geçýärkä,
ýa ýatana otur diýme dikelip,
palaw iýip ýa-da aç,
ýa ýöräp barýana ylgaly diýme,
ýa ýüwrüge diýme uçaly göge,
öz ýagdaýy bolsa, oturan adam
sensiz, mensiz biler turmaň tärini,
durmaň tärini,
aýagynyň üstünde bek;
ýa ýatan dikeler içinde jany,
ysgyny bar bolsa hökman,
emma TW-sinden gorkýan,
basgylanýan her gün agşam,
ýalan guýlup üstünden kän,
çärelerde çekelenýän,
ýowarlarda ýekelenýän,
maslahatyň almaz seniň,
diýme, çärä barma dogan,
ýa-da çykma ýowarlara,
otur çagalaryň bilen,
eger adam erki bolsa,
sensizem biler bulary,
emma erki bolmasa hiç,
ýa bolmasa gaýraty,
näme diýseň, bolar giç.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024